Warning: Cannot modify header information - headers already sent by (output started at /data/tmtu/sites/jogapgozle.com/post.php:84) in /data/tmtu/sites/jogapgozle.com/includecss.php on line 3

saparmyrat

Agza

Internet tizligi

Türkmenistanyň "Altyn Asyr" ÝGPJ-iň enjamlarynyň, kabelleriniň, simleriniň geçirijilik giňligi 2 Mbit/s-dan on bolmasa-da ýüz esse köp. Ortaça iň pes, iň köne "Cat3 Ethernet" (üçinji kategoriýa Ethernet) kabeliniň geçirijilik giňligi 10 Mbit/s

Emma häzirki zamanda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde  internet üçin iň soňky kategoriýa kabeller gurnalýar we üpjünleşdiriliýär. We olaryň tizligi 100 Mbit/s, bäşinji kategoriýa bolsa näçe Gigabit sekunt tizlige barýar. 

Şol ýagdaýda-da Türkmenistanyň ýeke telefon we internet operatory Wi-Fi öý internedyň tizligini 2 Mbit/s-dan ýokary tizlige fiziki şahslar üçin mümkinçilik bermeýär. 

Meniň soragym, diňe meňkem däl Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň soragy - "näme sebäpden ?!" 

 

Edit:

Türkmenistanyň internet we telefon hyzmatyny üpjün ediji "AŞTU" ÝGPJ-i internet üçin ýöne bir 3,4,5-nji kategoriýa "wityý" kabeller ulanmaýarlar eken, eýsem täze GPON (Gigabit Passive Optical Network) torlar tehnologiýasyny ulanýarlar. We bu tehnologiýa eýýäm Aşgabadyň hemme ýerinde diýen ýaly gurnalýar Köşide, Büzmeýinde, 11-nji kiçi etrapçada, Mir 7/3-de. 

Siz sorap bilersiňiz ol optik kabellaryň wityý kabellerden tapawudy näme. Tapawudy tizlikde, optik kabelleriň tizligi ortaça 10-20 Tbit/s (10 000 000 - 20 000 000 Mbit/s).

Hawa, dogry okadyňyz 20-i milýon megabit sekunt. We men bu sanlary özim tapyp ýazamok. Hemme maglumatlaryň çeşmesini goýýandyryn, we çeşmeler esasan wikipedia.com -dan alynan.

Maglumady barlamak üçin çeşmäni okajak bolsaňyz gök tekstyň üstüne basyň! Eger-de Rus ýa-da Iňlis dillerini bilmeýän bolsaňyz şu saýt arkaly terjime edip bilersiňiz.

 

Eger kim-de biri Türkmenistanyň internedynyň tehniki tarapdan näme sebäpden pesdigini bilýän bolsa, gaýrat ediň aýdaýyň!

4
1
562
Bu makalanyň salgysyny paýlaş

Teswirler


Gaty gowy sorag! Jogaby meniň hem örän bilesim gelýär. +soragy çeşmeleri bilen doly maglumat berip paýlaşanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin ;)

3
Bu teswiriň salgysyny paýlaş