dowletr

Agza

XAMPP-da Apache serveri işledemde "Port 80 in use by "Unable to open process" with PID 4! 12" oşibka

Salam men php öwrenjek bolup XAMPP aldym we yazdyrdym. Haçanda XAMPP control panelden Apache serveri işletjek bolamda  "Port 80 in use by Unable to open process" with PID 4! 12 oşibka çykýar. Ol oşibka näme üçin ýüze çykdy we ony nädip çözmeli?

3
1
581
Bu soragyň salgysyny paýlaş

Teswirler


bega

Admin

Ol oşibkaň aýtýan zady siziň kopýuteriňiziň 80-nji portyny başga bir programma ulanýamdyr diýýä. 

Oňa iň aňsat çözüw, Apache-i başga portda diňlemek üçin düzmekdir. 
Muny "Apache" moduly bilen bir setirdäki "Sazlamak" (Config) düwmesine basyp, aşak düşýän ýerdäki "httpd.conf" faýlyny saýlaň soňra çala aşagrak geçiriň we "Listen 80" setirini "Listen 8080(ýa-da başga bir port)" diýip üýtgediň. Faýly ýatda sakladyň we ýapyň. 

Indi Apache Port 80-dälde Port 8080-i ulanýar. 

Ýöne siz serwera oňki ýaly 'localhost/' diýip dälde, 'localhost:8080/' (ýa-da näme port goýan bolsaňyz şol) diýip girmeli bolarsyňyz. 

Eger bu usul bolmasa teswir ýazyp bilersiňiz.

6
1
Bu teswiriň salgysyny paýlaş