Citi3en Verse:

Içimdäkileri aýdyp berjek saňa ýöne sen düşünmeyäň

Ýene gürlejek, görkezjek, hakykata yetjek, kim çyndan söýýär

Körden soradym: "Näme uçün begenýäň?"

Ol diýdi: "Haramy gormeýän"

Ganyň damjalary damýa elimden, men kömek etmek isleýän.

Şu gün öljek, ertir täzeden dogulmak üçin

Täze durmuşymdan seni gözläp tapmak üçin

Ýazýan aýdymlam ölemde diri galmak üçin

Galam bilen ýazýan ýaprak zaýalaman pozmak üçin

 

Öýümden uzakda, göresim gelyä

O o ooo ooo

Aýna seretýän eýýäm başga adam görýän

O o ooo ooo

 

Adam üýtgemez üýtgär onuň ady

Gaty çörek bolsa men oňa razy

Köpi gormedim hem görmedim azy

Perişdäm aýdyp berýä hemme zady

Jübiñe sygmasa yanyñda bary

Men subut etýän bil alamok ary

Geçmişi ýatlaýan açamda sazy

Aýdym gözüňe görünmeýän jady

 

Söýgi söýgi söýgi, kelle pikir edenok

Öňki ýaly doslam daşymdan aýlananok

Haçandan bäri öz maşgalamy göremok

Haçandan bäri öz ejeme jaň edemok

 

Ýanymdakylardan sora, çyn adym näme, ýarysy bilmez

A maňa näme, ýeke doguldym ýeke ölerin, manysy näme

Gazandym özüm, ejem guwandy, soňam göreris, bizem söýeris

Bolsa depäñde, bolsa çörek, şükür edýän, alyp çykarys, manysy känmi

 

Bu TesLa Verse:

Biz aslynda mañlay gara

Ýüreklerimiz ýara

Garaşýas entägem daňa

Arzuwym gündiz goýmak bir yz

Azaşmaz ýaly ak bilen gara garyşmaz ýaly

Ogluma erbetler sataşmaz ýaly

Alar ýaly, ýaly

Gündiz gül ys

 

Indi bil öňkülik ýok öňküler ýaly

Garyba ýüz berlenok diýýänem ýok

Uzadaý eliňi daýy

Ýerini çalyşdy indi her birimiz ýalana baý

Diýýäs Meslere daýy

Ynan sadaka diýip doýurýas baýy

Diňe aýlyga bilimiz bagly

Unutdyk Ýaradana ýalbarmagy

Belkem ýitirdik imany

Unutdyk biz biri bary

Unutdyk biz Ýaradany

Öňküler ýaly, köneler ýaly

Ynanasymyz gelenok,

Gidip gören ýok diýýäs

Görkezsin jady (jady, jady)

Bar bolsa görkezsin jady (jady, jady)

Bar bolsa görkezsin jady (jady, jady)

Bar bolsa görkezsin jady (jady, jady)

 

Hany jady? Hany jady?

Görkeziň jady

Ýaltanma gözlemäni sözlerden many

Hany jady?

Ine meň jadym sözlerde many

 

Hany jady? Hany jady?

Görkeziň jady.

Ýaltanma gözlemäni sözlerden many

Ine meň jadym

Özüňde jady, özüñde jady...