Warning: Cannot modify header information - headers already sent by (output started at /data/tmtu/sites/jogapgozle.com/post.php:84) in /data/tmtu/sites/jogapgozle.com/includecss.php on line 3

venom

Agza

imo messenger ulanmak ygtybarlymy?

Öňünçä hemmä salam,

Gizlinlik.

2021-däki WhatsApp-Telegram/Signal göçüşüni mysal edip alalyň. Telegrama 72 sagadyň dowamynda 25 million (!), jemi 70 million täze ulanyjy goşulypdy. Sebäbi; WhatsApp, ulanyjylara, olaryň mahabat personalizasiýasyny kämilleşdirmek üçin, ulanyjylaryň edýän hereketlerini we degişli maglumatlaryny toplajakdygy, işlejekdigi we 3-nji taraplar (third party) bilen paýlaşjakdygy baradaky mahabat politikasyny üýtgetmekligi. Işiň gülkünç tarapy, bu eýýämden beýleki sosial mediýa ägirtleri (Facebook, YouTube, Instagram, TikTok...) tarapyndan edilip ýör. In a nutshell: diňe şol sebäpli 70 million adam Telegram-a geçdi. Ýogsa, gizlinlik babatda WhatsApp beýleki messenger-ler kem däl. Hatda has gowy. Ýazylan message-leriň, audio/wideo jaňlaryň başdan-soňa (end-to-end) şifrlenmegi hem başly-başyna bir sebäp WhatsApp ulanmak üçin.

A imo? Gizlinlik? Privacy? Onuň bu zatlardan habary barmyka?

Islendik bir messengeriň App Store/Play Store-daky screenshot-laryna, düşündirişine serediň. Islendik messenger elmydama ilki özüniň gizlinlik aýratynlygy bilen öňe çykmak isleýär. Emma, imo? Ol end-to-end şifrlemesini ulanýarmy? Ýa başga şifrleme? Beýleki messenger-leriň ýapylyp, diňe imo-nyň açyk galmagy/galdyrylmagy hem adamy howsala salmaýar däl. Bug sebäplimi ýa gizlinlige üns berilmänseňmi, app-de 2 ýyl öňünçä islendik ulanyjynyň telefon belgisini anyklap bolýardy. Mundan aňyrda näme gerek?

Gizlinlik syýasatyny (Privacy policy) okasaňa imo-dan gowy messenger ýok. 2021.4-de ulanyjylaryň maglumatlaryny goramak üçin başdan-soňa şifrlenýän SecretChat aýratynlygyny duýdurypdyr. Ol ýeterlikmi? Bilemok.

Siziň pikirleriňiz nähili?



Suratyň doly görnüşini görmek üçin üstüne basyň.
1
190
Bu soragyň salgysyny paýlaş

Teswirler


blast

Agza

islan programmamyzy saylap ulanmakmy?.. sad 😞

1
Bu teswiriň salgysyny paýlaş