muhammet

Agza

Näme etmeli? XAMPP "Error: MySQL shutdown unexpectedly"?

XAMPP açanymda we MySQL başlatmak düwmesine basanymda, "Error: MySQL shutdown unexpectedly" diýip ýalňyşlyk berýär.

Öň meselesiz işleýärdi. Näme edip bilerin?

1
2
700
Bu soragyň salgysyny paýlaş

Teswirler


Ilki bilen XAMPP bilen bile gelýän "MYSQL backup" papkasyny ulanyp görüň. Indiki ädimleri ýerine ýetiriň:

  1. C:/xampp/mysql papka giriň we şol ýerdäki "data" atly papkanyň adyny "data_kone" diýip üýtgediň

  2. Şol ýerdäki "backup" atly papkany kopýalaň we täze "backup" papkanyň adyny "data" diýip üýtgediň

  3. "data_kone" papkanyň içinden mysql, performance_schema, phpmyadmin papkalardan başga ähli papkalary "data" papkasyna geçiriň

  4. Soňky ädim, "data_kone" papkanyň içinden ibdata1 atly faýly "data" papkasyna geçiriň

  5. MySQL-i XAMPP dolandyryş panelinden başladyň

3
Bu teswiriň salgysyny paýlaş


Udalit etde tazeden ustanowka et bolany

Bu teswiriň salgysyny paýlaş