Geçmişimden galan agyr ýaralar,

Ýüregimiň mähir suwun içip dur.

Ýaşyla bürenen göwün daradtyň,

Saralyp ýapragy  ýere gaçyp dur.

 

Bir wagtlar bardy, höwesim beýik,

Erkanady, göýä çöldäki keýik,

Awlanan jeren deý...

Saýýatlar soýup,

Misli ýüregime gülle seçipdir.

 

Teşnelikden ganman öwrülip çöle,

Her göwün ýykana ýylgyryp çala,

Ajy sözlerini öwürip bala,

Iňňe bolup, ýüregimi deşip dur.

 

Eden arzuwlarym öwrülip gussa,

Ýatlama öwrülip, bir çümmük kyssa,

Asman ýaly göwnim daralyp, gyssa,

Saralan ýapraklar ýere gaçyp dur.

 

Remezan Mämetgurbanow