Häzirki zaman milli söz sungatynda «Mertlik» pelsepesi barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak täsin şahyrana eserleri göz öňüňe gelýär. Halypa zenan şahyrymyz özüniň «Mertlik gerek», «Mertligi biz bilen», «Watan ogly mertden geler»,«Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň» atly şygyrlarynda, «Arkadagym, merdanamsyň, merdimsiň», «Merdiň aty diňe öňe Arkadag» atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde «mertlik» taglymynyň many-mazmunyny anyk-aýdyň açyp görkezýär hem-de bu düşünjäniň türkmen ýigidini bezeýän ajaýyp gylykdygyny, şeýle gylygy şahsy häsiýetine öwren gerçegiň bolsa hakyky Watançy oguldygyny şahyrana dilde örän ussatlyk bilen beýan edýär.

         Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň çeper döredijiligindäki «Mertlik» pelsepesi özüniň köp öwüçliligi we çuňňur mazmunlylygy bilen, her bir okyjynyň aň-ünsüni özüne çekýär. Halypa zenan şahyrymyzyň çeper obrazlylyga, nepis duýgulara, baý mazmuna ýugrulan «Mertlik» pelsepesi häzirki zaman türkmen şygryýetiniň guwanjyna-buýsanjyna öwrüldi. Beýik söz ussadynyň «Mertlik» mazmunly ajaýyp şygyrlaryndaky birnäçe goýazy pikirler uly pelsepe çuňluklaryna uzalyp gidýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, onuň «Mertlik» pelsepeli şahyrana eserleriniň mazmun çuňlugy we giňligi diýseň haýran galdyrýar.

         Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahsyýetini, milli Liderimiziň Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalaryny wasplaýan ajaýyp şygyrlary onuň «Mertlik» pelsepeli çeper döredijiliginiň nepis hem önjeýli bölegi hökmünde aýratyn bir tema öwrülip, okyjyny has-da özüne bendi edýär. Halypa zenan şahyrymyzyň häzirki zaman türkmen şygryýetine wajyp bir tema hökmünde getiren «Mertlik» pelsepesi türkmen halk döredijilik eserlerindäki we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky «Mertlik» pelsepesinden döwrebap mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa: «Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň özi hamyrmaýasy–batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik... diýmegi aňladýar.»  – diýip, örän jaýdar belleýär. Diýmek «mertlik» –  türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetiniň şahyrana dildäki çeper aňlatmasydyr.

         Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa türkmeniň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhynda beýik döwletleri gurup, Watany gülledip ösdüren mert ýigitleriniň dowamaty bolan mert nesillerine ýarym asyrdan gowrak wagtlap garaşandygyny «Ahmyrly ýyllara ýüzlenme» atly şygrynyň:

                          Men artyk sözlemäýin, ýetikdir derdim meniň,

                     Ýol söküp, gözlemäýin dogmandyr merdim meniň – diýen setirinde beýan edýär.  Ussat halypa zenan şahyrymyza özüniň ömürboýy garaşan mert şahsyýetini, türkmeniň mert ogluny görmeklik bagty Berkarar döwletimiziň häzirki ajaýyp döwründe – halkymyzyň Beýik Arkadagly zamanasynda miýesser edýär. Ol bu bagty ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetinde görendigini, milli Liderimiziň mertliginiň ýeke-täkdigini, ony hiç bir ynsan oglunyň gaýtalap bilmejekdigini, özüniň «Gahryman Arkadag» poemasynda uly buýsanç bilen nygtamaklyk bilen:

                             ...Aýt, kime başardar mertligi bilen,

                             Il öňünde Özüň ýaly sak durmak.

 

                             Bu mertligi gözläp bolmaz her kimden,

                             Çykmaz ol erkinden, bäri berkinden,

                             Beýdäýmege kesbi-kärden bolmaly,

                                         Aý Eneden, hem mert ärden önmeli – diýen ajaýyp şahyrana setirleri dile getirýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň  manysyna mazmundaş öňe süren «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana taglymlarynyň mukaddes Watanymyzyň häzirki ajaýyp zamanasynda hem öz beýanyny tapýandygyny «Arkadagym merdanamsyň, merdimsiň»[1] atly poemasyndaky:

                                          Asla bolup bilmez Sen bolup biljek,

                                          Diňe Saňa bagly ertämiz Gerçek,

                                          Dowamyň barlygy yzyň eýerjek,

                                          Arkadagym, Merdanamsyň, Merdimsiň – diýen, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemasynyň:

                                            ...Baksa nazaryňy Kerim ýatladýar,

                                            Dowamatyň dowam, dowam Arkadag! – diýen ajaýyp şygyr setirlerinde belleýär. Halypa zenan şahyrymyz bu liriki eseriniň ikinjisinde Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň keşbindäki mertlik gylyk-häsiýetiniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, ýagny agtyga kakasyndan geçen mertligiň onuň kakasyna kakasynyň kakasyndan geçendigini, edebi dilde aýdanymyzda, onuň atasyna atasynyň atasyndan geçendigini:

                                              Mertlik geçip barýar at:a atadan[2],

                                            – Ataga atadan ýol ýatyr bärde[3] – diýen şygyr setirlerinde uly buýsanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, özüniň bu şygyr setirlerinde,  «Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň»[4], «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag»[5] atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde milli Liderimiziň dowamatynyň türkmen halkynyň häzirki ajaýyp döwrüniň dowamatydygy, munuň asyrlaryň synagyndan geçen taryhy hakykatdygy baradaky şahyrana pikir garaýyşlaryny örän ussatlyk bilen çeper beýan edýär. Halypa zenan şahyrymyzyň bu şahyrana pikir garaýyşlarynyň häzirki zaman türkmen şygryýeti üçin täzeçe bir taryhy açyş we döwrebap mazmunly milli tema täzeçilligi bolandygy 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijesinde aýan boldy. Muňa Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Arkadagymyzyň dowamaty bolan Arkadagly Serdarymyza bagyşlap ýazan  «Dowamata dowam bolup, Arkadagly Serdar geldi»[6] atly poemasynyň:

                                        Mert ýigit mert ärden öner,

                                        Hemem ýagty pälden öner.

                                        Hak diýene döwran döner,

                                        Arkadagly Serdar geldi!

 

                                        Dowamata dowam bolup,

                                        Asyrlara rowan bolup,

                                        Pederi deý dogma dolup,

                                        Arkadagly Serdar geldi! – diýen, «Barýas dünýä güller sepip, Arkadagly Serdar bilen»[7] atly poemasynyň:

                                        Bellidir boljak oglan,

                                        Bellidir mertden doglan,

                                        Bizdiris bagta sowlan,

                                        Arkadagly Serdar bilen – diýen şygyr bentleri hem güwä geçýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen parasatly taglymlary bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş «Watan ogly mertden geler», «Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň», «Bellidir mertden doglan»  diýen ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşlaryny öňe sürýär.

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa «Watan ogly mertden geler»[8] atly şygrynyň:

                                            Watan ogly mertden geler,

                                            Ömürlik ömrüni egläp.

                                            Il Ogly deý ismin ýaýar

                                            Türkmenini bar eýläp. – diýen ajaýyp setirlerinde özüniň «mertlik» babatdaky şahyrana pikir-garaýyşlaryny beýan edeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň Beýik Şahsyýetini, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işlerini bir pursat hem nazaryndan sypdyrmaýar. Munuň özi, halypa zenan şahyrymyzyň häzirki zaman türkmen şygryýetine wajyp bir tema hökmünde getiren «Mertlik» pelsepesiniň türkmen halk döredijilik eserlerindäki we Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky «Mertlik» pelsepesinden döwrebap mazmunlylygy bilen tapawutlanýandygyny ýene-de bir gezek aýan edýär. Bu ýagdaý bolsa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň çeper söze aňrybaş ussatlygyndan habar berýär.

 

                                                                                    Toýly Jänädow

                                                                      Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

                                                                      Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy

 

Bu makala «Zenan kalby» žurnalynyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky 10-njy sanynyň 2-nji sahypasyna «Gözel halypanyň şygyrlaryny okap...» ady bilen neşir edildi. https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45096

 



[1] Gözel Şagulyýewa. Gezdim şygryň dünýäsinde. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2020. 148-nji sahypa

[2] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 61-nji sahypa

[3] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 53-nji sahypa

[4] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013.  90-njy sahypa.

[5] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr. – A.:Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2013. 116-njy – 130-njy sahypalar.

[6] «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2022-nji ýylyň 25-nji martyndaky sanynyň 1-nji sahypasy

[7] «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki sanynyň 1-nji sahypasy

[8] Gözel Şagulyýew. Ak gülleriň – ak ýolum. – A.:  Türkmen döwlet neşirýät gullugy. 2010. 65 – 66-njy sahypalar.



Suratyň doly görnüşini görmek üçin üstüne basyň.