Warning: Cannot modify header information - headers already sent by (output started at /data/tmtu/sites/jogapgozle.com/post.php:79) in /data/tmtu/sites/jogapgozle.com/includecss.php on line 3

Näme üçin parolyňyz diňe çylşyrymly dälde, mümkin boldugyça uzyn bolmaly?

Kompýuterler indi 1 sekuntda 100 trillion paroly çaklap bilerler! Parolyňyzy ygtybarly hasaplaýarsyňyzmy?

Parol, adamlaryň arasynda "gizlin" saklanýan we şahsyýetini subut etmek üçin ulanylýan ýönekeý düşünje. Müňýyllyklaryň dowamynda özümizi beýlekiler bilen tanamak üçin parollary ulanýarys: oňky ýyllarda özümizi kompýuter ulgamlary bilen tanyşdyrmak üçin ulanýarys.

Maglumat tehnologiýalary ulgamynda parollar 1960-njy ýyllarda merkezi işleýän uly kompýuterler, ýagny terminallar arkaly ulanyjylara girişi üpjün edýän esasy kompýuterler bilen ulanylyp başlandy. Häzirki wagtda bolsa bankomatlara girýän PIN-lerimizden başlap, kompýuterlerimize ýa-da web sahypalarymyza girmek üçin hem parollar öňümize çykýar.

Onda näme üçin girýän ulgamlarymyza şahsyýetimizi subut etmeli? Näme üçin dogry paroly saýlamak beýle kyn?

Gowy parol nähili bolmaly?

Soňky tehnologiki ösüşlere çenli diňe 6 ýa-da 8 simwoldan ybarat ýönekeý söz ýa-da söz düzümi gowy parol hasaplanýardy. Şeýle-de bolsa, häzirki döwürde entropiýa (çaklamak ölçegi) sebäpli parollara iň gysga nyşan çäklendirmeleri girizildi. Entropiýa: "parol meýdançasy" diýilýän gutulara girizip bilýän ähli parollarymyzyň sanyny aňladýar.

Bir nyşanly parolda diňe kiçi harplar bar bolsa, Latyn elipbiýinde 29 dürli parol ýazylyp bilner. Baş harplar hem ulanylyp bilinse, bu san 58-e ýetýär.

Uzynlygyň artmagy we wariantlara has köp nyşan goşulmagy bilen parol meýdançasy giňelýär. Şol sebäpli kiçi harplary we baş harplary, sanlary we simwollary öz içine alýan uzyn parollary ulanmagymyzy islenilýär.

Parolyň çaklanylmagy, parolyň çylşyrymlylygyna ters proporsionaldyr.

Ýöne parol çylşyrymlylygy bilen baglanyşykly meseleleriň biri hem kompýuterleriň parollary çaklamak ýaly gaýtalanýan meselelerde gaty ökde bolmagydyr. 2021-nji ýylda ähli parol kombinasiýalaryny döretmek üçin düzülen programma 1 sekuntda 100,000,000,000-den gowrak çaklama edip rekordy täzeledi. Bu, has uzyn parollaryň hem howp astyndadygyny aňladýar.

Kiber jenaýatçylar kompýuterleriň bu mümkinçiliklerinden peýdalanyp, "Brute Force Attack" ulanyp bilerler, ýagny mümkin boldugyça köp parol synap sistema girmäge synanyşyp bilerler. Häzirki wagtda bulut esasly tehnologiýalaryň kömegi bilen brute force attack 8 belgili uzynlykda bolan paroly bary-ýogy 12 minutda çaklap biler.

Mundan başga-da, parollar köplenç möhüm maglumatlary ýa-da ulgamlary goraýandygy sebäpli, parollary döwmek kiber jenaýatçylar üçin has özüne çekiji bolýar. Parollaryň satylýan bazarlary gaty köp, hatda bu bazarlaryň käbirinde e-poçta salgylary we adamlaryň ulanyjy atlary hem bar.

Web sahypalarynda parollar nädip saklanýar?

Web sahypalarynyň parollary paroly çylşyrymlaşdyrýan "hashing" atly matematiki algoritm bilen goralýar. Bu algoritm bilen çylşyrymlaşdyrylan paroly tanap we dikeldip bolmaz.

Içeri girmäge synanyşanyňyzda girizen parolyňyz hem çylşyrymlaşdyrylýar we sahypada hasaba alnan wersiýa bilen deňeşdirilýär. Bu amal her gezek gireniňizde gaýtalanýar.

Mysal üçin, "Pa$$w0rd" paroly SHA1 algoritminden geçende "02726d40f378e716981c4321d6 0ba3a325ed6a4c" bolýar. Algoritmi şu ýerden synap bilersiňiz.

Brute Force Attack, parolyň uzynlygyna baglylykda ähli mümkinçiligi synap görýän çylşyrymlaşdyrylan parollar faýlyny ulanyp biler. Hüjümiň bu görnüşi şeýle bir giňden ýaýrapdyr welin, käbir saýtlarda hatda ýygy-ýygydan ulanylýan parollaryň sanawlary hem bar. Başga bir söz bilen aýdylanda, ýygy-ýygydan ulanylýan parolyň çylşyrymlaşdyrylan görnüşini internetden gözläp hem şol paroly tapyp bolýar.

Häzirki wagtda parol sanawlarynyň ogurlanmagy we satylmagy şeýle bir giň ýaýran welin, bu sahypa adamlaryň parollarynyň ogurlanyp ýa-da ogurlanmadygyny barlamak üçin döredildi. Häzirki wagtda bu maglumat bazasynda 10 milliondan gowrak ulanyjynyň maglumatlary bar.

E-poçta salgyňyz bu sahypada bar bolsa, degişli paroly we şol hasap maglumatlary ulanýan başga sahypalaryň parollaryny üýtgetmelisiňiz.

Has çylşyrymly parollar çözgütmi? Ýok!

Parolyň döwülmegi şeýle köp ýaýranlygy sebäpli, adamlar indi has ygtybarly parol saýlaýarlar diýip pikir edip bilersiňiz. Gynansagam, aşakdaky sanaw iň köp ulanylýan parollaryň 5 ýylyň dowamynda (köp sanly kiberhüjümlere we duýduryşlara garamazdan) kän bir üýtgemändigini görkezýär.

Başga bir tarapdan, has çylşyrymly parollary ulanmak kompýuteriň mümkinçilikleriniň ösüşine baglylykda meseläni çözüp biler diýip pikir edip bilersiňiz. Emma, adamlar gaty çylşyrymly parollary islemeýärler we ýatda saklap bilmeýärler. Hem parol talap edýän diňe 2 ýa-da 3 ulgamy ulansak ýene gowy! Ýöne dürli uzynlykdaky we dürli aýratynlyklary bolan parollar bilen köp sahypalara girýäris. Ýaňy ýakynda geçirilen bir gözlegde ortaça adamyň takmynan 70-80 dürli platformada ýekeje parol ulanýandygy anyklandy.

Şonuň üçin size käbir teklipleri bermek isleýäris:

Gowy däl parollar

Gowy parola düşünmezden ozal ilki gowy däl parola düşüneliň:

  • 4 sanly ýyllardan uzak duruň. 19XX, 20XX we beýleki möhüm ýyllar (meselem 1945) ýa-da ýygy-ýygydan ulanylýan sanlar ulanylmaly däldir.
  • "Parol" sözünden we olardan emele gelen zatlardan daşda duruň. Adamlar "parol" ýerine "p4r01" ýazsa, özboluşly we kyn parol döredendirin öýdýärler. Emma, ýokarda beýan eden meselelerimiz sebäpli, şeýle gysga parol çylşyrymly görünse-de erbet parol.
  • Sport salgylanmalaryndan daşda duruň. "Futbol", "basketbol", "futboloyuncusy", "milli ýygyndy" ýaly sözlerden we olardan emele gelen zatlardan uzak duruň.
  • Atlary ulanmaň. Hususan-da, öý haýwanlaryňyzyň, ýanýoldaşyňyzyň, çagalaryňyzyň, agtyklaryňyzyň we meşhur şahsyýetleriň atlaryny ulanmaň. Bulara bolan höwesiňiz we bu adamlar hakda ýazýan sosial media ýazgylaryňyz parolyňyzy açyp biler.
  • Şahsy maglumatlary ulanmaň. Mysal üçin, öz adyňyz, e-poçta salgyňyz, telefon belgiňiz ýa-da şahsyýet belgiňizi ulanmaň. Olary tapmak we synap görmek asla kyn däl.
  • Adaty klawiatura kombinasiýalaryndan daşda duruň. Mysal üçin, "qwerty", "asdasd", "asdfg", "123456", "abc123" ýaly kombinasiýalardan gaça duruň.

Gowy parollar

Gowy parol döretmek üçin diňe gowy däl parollardan uzak durmak ýeterlik däl. Gowy parola hem düşünmeli:

  • Baş harplary ulanyň. Adamlar köplenç parollarynda diňe kiçi harplar bolmaly ýa-da kompýuter üçin uly / kiçi harp tapawudy ýok diýip pikir edýärler. Şeýle-de bolsa, kompýuter üçin uly we kiçi harplar aýratyndyr. "parol" parolyny döwmek, "PaRoL" parolyny döwmekden has aňsatdyr (ikisem gowy däl parol bolsa-da).
  • Kiçi harplary hem ulanyň. Ýokardaky maglumatlar kiçi harplary ulanmagyň erbet zatdygyny aňlatmaýar. Arasynda kiçi harplar hem goýmaly.
  • Sanlary ulanyň. Goşan her bir sanyňyz parolyňyzy döwmegi kynlaşdyrar. Ýöne san saýlamakda seresap boluň, ýokardaky nagyşlardan we umumy sanlardan daşda duruň.
  • Ýörite nyşanlary ulanyň. Muny etmegiň lapykeçdigini bilýäris; ýöne mysal üçin "i" harpynyň ýerine "1" belgisini ulanmak ýa-da "!" belgini ulanmak gowy pikir bolardy. Goşulan her bir nyşan, parolyňyzyň döwülmegini kynlaşdyrar.
  • 10 simwoldan geçiň. Bu biziň berip biljek iň möhüm maslahatymyz bolup biler. Parol näçe uzyn bolsa, döwmek şonça-da kyn bolar.

Has gowy parollar

Parolyňyzyň hakykatdanam ygtybarly bolmagyny isleýän bolsaňyz, umumy maslahatlardan aňyry hem geçip bilersiňiz:

  • Gülkünç ýa-da gysga (ýöne özüne çekiji) sözlemi saýlaň: soňra ony gysgalt. Mysal üçin, Bernard Baruchyň şu sözüni alyň: "Millionlarça adam almanyň gaçandygyny gördi, ýöne diňe Nýuton 'Näme üçin?' diýip sorady." Soňra baş harplaryndan we dyngy belgilerinden parol dörediň: "Maagg,ydN?ds."
  • Üýtgeşik we manysyz söz düzüň. Mysal üçin: "BelkiSuYerdenCesmeAkyandyr?" ýa-da "2GulaklyTowsanCagalaryBilenYlgayar"

Parol dolandyryjysyny ulanyň

Bu görkezmeleriň birneme kyndygyny bilýäris. Gowy habar, bu meseläni düzedip biljek gurallar bar. Kompýuterleriň köpüsi parollaryňyzy brauzeriňizde ýa-da operasiýa ulgamyňyzda saklamaga we bu parollary beýleki enjamlara geçirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, “Apple” -iň “iCloud Keychain” programmasy, has ygtybarly bolmasa-da, parollaryňyzy Internet Explorer, Chrome we Firefox-da saklamaga mümkinçilik berýär. KeePassXC, LastPass ýaly parol dolandyryjylary ulanyjylara ygtybarly ýerde uzyn we çylşyrymly parollary döretmäge we saklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle ulgamy ulanyp, giren her sahypaňyz üçin çylşyrymly we üýtgeşik parol döredip bilersiňiz. Şeýlelikde, çylşyrymly we ýatdan çykmajak görnüşde diňe 1 paroly (şol parol dolandyryjysyny girizmek üçin ulanýan parolyňyzy) saýlap bilersiňiz, galanlaryny parol dolandyryjysyna goýup bilersiňiz.

Bu ulgamlary ulansaňyz we doly ygtybarly usullary ulansaňyzam, ulanýan sahypalaryňyz gowşak bolsa parollaryňyzy ogurlap boljakdygyny ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Şeýle-de bolsa, bu hili ýagdaýda, parol dolandyryjysynyň kömegi bilen dürli saýtlarda dürli parollary ulanýan bolsaňyz, beýleki sahypalarda parolyňyzy üýtgetmegiň zerurlygy bolmaz.

Haýsy paroly döwmek üçin näçe wagt gerek?

Geliň, bu teklipleri sanlara goýalyň. Aslynda, paroly döwmek üçin gerek wagty hasaplamak hem aňsat däl; ýöne “Randomize” saýty bu ugurda bize ýol görkezip biler. Aşakda her paroly döwmek üçin iň köp näçe wagt gerekdigini görersiňiz:

  • abcdg: 1 sekuntdan az
  • parol: 1 sekuntdan az
  • par0l: 1 sekuntdan az
  • p4r0l: 1 sekuntdan az
  • parolymname: 14 gün, 23 sagat
  • parolymnameka: 28 ýyl, 1 aý
  • BelkiSuYerdenCesmeAkyandyr?: 1.0222946438723552e + 35 ýyl
  • 2GulaklyTowsanCagalaryBilenYlgayar: 9.89356484653085e + 43 ýyl

Görşüňiz ýaly, uzyn parol çylşyrymly paroldan has möhümdir.

Ýene-de bir maglumat bereliň: ýokarda beren mysallarymyz entek internet parol maglumatlar bazalarynda ýok, sebäbi olar biziň döreden mysallarymyzdyr. Ýöne bu makalany çap eden badyna, bu parollar botlar bilen indekslener we "parol bilen baglanyşykly ýazgyda" bolany üçin gaty gowy däl parollara öwrüler. Şonuň üçin bu makalada hödürleýän parollarymyzyň hiç birini ulanmaly dälsiňiz.

4
1
760
Bu makalanyň salgysyny paýlaş

Teswirler


Men özüm LastPass parol dolandyryjysyny ulanýaryn we maslahat hem berip bilerin. Chrome extensions bölümde hemde telefonda arkaýyn açyp ulanyp bilýän.

4
1
Bu teswiriň salgysyny paýlaş